Aşgabat — gözelligiň göwheri

20 Aprel 2021
722

Berkarar Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň esaslandyrylmagyna üstümizdäki şanly ýylda 140 ýyl dolýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýurdumyzda bu sene uly dabaralara, şatlyk-şowhuna beslenip, giňden belleniler. Bu senäniň baýramçylyk ruhuny Aşgabadyň häzirki toý keşbinden göz ýetirmek has-da ýakymlydyr.

Merjen şäherimiziň ähli künjegi ajaýyp senäniň nyşanlarydyr şygarlaryna, toý bezeglerine beslenen. Toý öwüşginleri paýtagtymyzyň gözellikleri — ak mermerli belent binalary, nurana desgalary, ýaşyl begresli seýilgähleri hem-de beýleki ajaýyplyklary bilen özara sazlaşygy emele getirýär. Täze taryhy döwrümiziň döredijilik ruhuny açyp görkezýän şeýle görkanalyk ruhumyzy göterip, ýurdumyzyň baş şäherine bolan söýgimizi, buýsanjymyzy goşalandyrýar.

Muhammetmyrat GURBANGULYÝEW,
Ak bugdaý etrabynyň Bereket oba Medeniýet öýüniň müdiri.