Ak mermerli paýtagtymyz

20 Aprel 2021
781

Özboluşly binagärlik keşbi bolan desgalary özünde jemleýän, günsaýyn gözelleşýän Aşgabat dünýäniň iň gözel şäherleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär. Paýtagty ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda senagat, ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygyny, ulag-aragatnaşyk ulgamyny, harytlaryň we hyzmatlaryň sarp ediş bazaryny hem-de beýlekileri görkezmek bolar.

Bu günki gün paýtagtymyzy ösdürmekde tapgyrlaýyn gurlup ulanylmaga berlen belent ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly beýleki binalar, sport we söwda merkezleri halka hyzmat edýär. Geçen ýylyň noýabr aýynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda gözel paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan täze binalaryň ençemesi açylyp, ulanylmaga berildi. Täze desgalaryň hatarynda ähli amatlyklary özünde jemleýän häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary, «Gül zemin» söwda dynç alyş merkezi bar. Bu desgalaryň binagärlik keşbi, daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyşy, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşy aýratyn täsir galdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan ak şäherimiz Aşgabat barha gözelleşýär hem-de özgerýär.

Suraý MÄMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.