Atly sportuň ezberleri

20 Aprel 2021
782

Düýn Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atly sportuň naýbaşy görnüşi bolan konkur boýunça bäsleşik geçirildi. Şanly sene mynasybetli her ýyl geçilmesi däbe öwrülen bäsleşigiň nobatdaky tapgyrynda türgenleriň 14-si öz behişdi bedewleri bilen çykyş etdi.

Ir säher bilen bäsleşigiň geçirilýän ýerinde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Atly sportuň janköýerleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabara adatdakylardan täsirli boldy. Bäsleşige ýigitler bilen birlikde gyzlaryň hem gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezmekleri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşürenler Ýuriý ŞKURIN, Ilaman ÇÜRIÝEW.