Täsirliligi bilen tapawutlandy

19 Aprel 2021
928

Ýakynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň, Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda «Arkadagly Watanym — gülle Türkmenistanym» atly maslahat geçirildi.

Onda çykyş edenler ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ösüşi, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň geçirilmegi, milli Liderimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanylmagy, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy barada giňişleýin durup geçdiler. Türkmenistanyň Gahrymany, «Edebiýat we sungat» gazetiniň esasy ugurlar boýunça bölüminiň müdiri, şahyr Gözel Şagulyýewanyň täsirli gürrüňleri, okap beren goşgulary dabara gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Ýörite habarçymyz.