Daş-töweregiň owadanlygy — durmuşyň abadanlygy

19 Aprel 2021
858

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda geçirilýän köpçülikleýin arassaçylyk-abadanlaşdyryş işleriniň örän uly ähmiýeti bar. Tutuş ýurdumyz boýunça giň gerimde ýaýbaňlandyrylýan şeýle işleriň netijesinde, güneşli ülkämiziň ähli künjekleri — şäherdir obalarymyz has-da owadan keşbe eýe bolýar. Milli Liderimiz şeýle çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde, türkmen halkyna mahsus agzybirlik we ruhubelentlik ýagdaýynda geçirilmelidigini belleýär. Geçen hepdäniň şenbe gününde milli Liderimiziň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan köpçülikleýin arassaçylyk-abadanlaşdyryş işlerine hem şeýle häsiýet mahsus boldy. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň barha giňeldilýän ýaşyl zolaklarynda ekilen bag nahallaryna hem ideg edildi.

Ynsan balasy hemişe-de gözellige teşne, mähre mätäç. Şoňa görä-de, ol döredijilik bilen meşgullanýar. Biz bu ýerde döredijilik diýip, diňe bir ýazylýan zatlary ýa-da beýleki sungat eserlerini göz öňünde tutmaýarys. Döredijilikli çemeleşme adamyň ähli işine-de mahsus aýratynlyk. Parasatly pederlerimiz «Adam eli — gyzyl gül» diýen ajaýyp nakyly döredenlerinde-de, oňa döredijiligiň ähli babatlarda mahsusdygyny nygtapdyrlar. Biziň ýaşaýan ene Ýerimize tebigy gözellikler mahsus. Ynsan akylynyň, zähmetiniň netijesinde döreýän gözellikler bolsa olar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Şonuň bilen birlikde, ynsanyň özi-de, onuň durmuşy-da gözelleşýär, täzeçe many-mazmuna eýe bolýar. Çünki zähmet adamy terbiýeleýär, oňa ylham berýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Zähmet adamda peýdaly endikleriň kemala gelmegi üçin derwaýysdyr. Alyn der saçylyp çekilen zähmetiň hözirini hiç zat bilen deňäp bolmaz. Zähmetsöýerlik adamyň häsiýetini hem terbiýeleýär diýilýär. Munuňam sebäbi zähmetiň adamyň öz-özüne erk etmegini terbiýeleýänligindedir. Zähmet çekmäge endik edip, munuň peýdasyna düşünen adam häsiýetine hem erk edip bilýär...» diýip, «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynyň «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» atly bölüminde belläp geçýär.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».