Bank ulgamyny ösdürmek Arkadag Prezidentimiziň ykdysady strategiýany durmuşa geçirmeginiň strategik ugurlarynyň biridir. Ykdysady syýasatda maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň eýeleýän möhüm orny olara berilýän wajyp wezipe bilen baglydyr. Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan sazlaşykly döwlet syýasaty netijesinde, milli bank ulgamy kemala getirildi. «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky hyzmatlaryň möçberi boýunça ýurdumyzyň esasy banklarydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, gurluşygy amala aşyrylan bank ulgamynyň desgalarynyň – «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň binalarynyň açylmagy şanly senä – Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanandyr hem-de eziz Diýarymyzyň yzygiderli ykdysady ösüşiniň, mähriban halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr. «Bouygues Batiment International» meşhur fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan banklaryň täze binalary Aşgabadyň günorta böleginde, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň işewürlik merkezi kemala gelen Çandybil şaýolunyň ugrunda peýda boldy. Şu mynasybetli dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.