Buýsanjymyzyň çägi ýok

15 Aprel 2021
834

Soňky ýyllarda döwrümiziň beýik binagäri — hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, gözelligi we oýlanyşyklylygy babatda paýtagtymyzyň gaýtalanmajak binagärlik keşbi döredildi. Ol häzirki zamanyň ýaşaýyş jaý toplumlaryny we bagy-bossanlyklary, durmuş ähmiýetli möhüm desgalary, belent binalary özünde sazlaşykly jemläp, jemgyýetçilik-syýasy, işewürlik, medeni we sport durmuşynyň merkezlerini emele getirýär.

Paýtagtymyzyň Arçabil şaýoly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň alamatyna öwrüldi. Onuň ugrunda bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde ak mermerli binalaryň onlarçasy peýda boldy. Iň döwrebap derejedäki Çandybil şaýoly hem Köpetdagyň eteginde şäheriň şu bölegini gurmagyň täze baş ugruna öwrüldi. Halk Maslahatynyň Diwany bu ýerde gurlan täze bina göçüp geldi.

Mekan BORJAKOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Lebap welaýat müdirliginiň tehniki we aragatnaşyk serişdeleriniň operatory.