Aşgabat — gözelligiň şäheri

15 Aprel 2021
906

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gözellik babatda diňe bir sebitiň däl, eýsem, dünýäde aýratyn orny eýeleýär. Gojaman Köpetdagyň belent gerişlerinden ajaýyp şäherimize nazaryňy aýlasaň, oklaw ýaly göni köçeleriň ýan taraplarynda biri-birine örän sazlaşykly gurlan belent ymaratlar derrew gözüňe kaklyşýar. Şol kaşaň jaýlaryň kuýaş nuruna ajaýyp öwüşgin berýän mermer örtügi paýtagtymyzy has-da gözel görkezýär.

Güneşli ýurduň merjen şäheri Aşgabat täze köşkleriň we ymaratlaryň, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlar toplumynyň sazlaşygynda binagärlik muzeýini ýatladýar. Türkmen paýtagty dünýäniň derwaýys meseleleriniň, hususan-da, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň, dünýäniň döwletleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň halkara derejesinde ara alnyp maslahatlaşylýan, ygtybarly çözgütleriň kabul edilýän merkezine öwrüldi. Aşgabat döwletimiziň we jemgyýetimiziň göz-guwanjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen barha gözelleşýän ak şäherimiz ýurdumyzyň beýik ösüşlerini şöhlelendirýär.

Ogulgerek KÖSSEKOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň Guramaçylyk we syýasy işler bölüminiň müdiri.