Agzybirlikli zähmetiň miwesi

14 Aprel 2021
1020

Tebigy ojaklary senagat taýdan özleşdirmekde alnyp barylýan işlere «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat şäherindäki Suw üpjünçilik müdirliginiň zähmet topary mynasyp goşant goşýar. Müdirlik döwlet konserniniň önümçilik kärhanalaryny zerur bolan önümçilik hem-de agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmekde netijeli işleri alyp barýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň başyndan bäri müdirlik tarapyndan sarp edijilere ýetirilen suwuň 959 müň kub metrden geçmegi muňa şaýatlyk edýär. Bu döwürde taýýarlanan agyz suwunyň möçberi 644 müň kub metrden geçdi. Şonuň 549 müň kub metrden gowragy Ýasga ýerasty kölünden alnan agyz suwudyr.

Arassa agyz suwuny öndürmekde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Esenguly etrabynyň Ekerem şäherçesinde gurlan deňiz suwuny süýjediji desgalar toplumynda hem zerur işler alnyp barylýar. Ýylyň başyndan bäri bu toplumda arassalanan agyz suwunyň mukdary 95 müň kub metrden geçdi. Munuň özi nebitçilerdir gazçylaryň mekany bolan sebitiň ilatly nokatlaryny agyz suwy bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. 

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».