Binalary gözel görkli Diýarym

14 Aprel 2021
768

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýlaryna barýar. Mähriban Arkadagymyzyň gatnaşmagynda bu şanly seneler mynasybetli, 12-nji aprelde paýtagtymyzda «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň, 14-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň açylyş dabaralary boldy. Şonuň ýaly-da, düýn paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji mejlisi boldy. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanyldy we bu mejlisde mähriban Arkadagymyz taryhy söz sözledi.

«Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň täze binasynda döwrebap kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen iş orunlarynyň 300-den gowragy bar. Bankyň hünärmenleri bir wagtyň özünde müşderileriň 250-den gowragyny kabul edip, olara ýokary derejede hyzmat edip bilýärler. Döwlet täjirçilik bankynyň ilkinji döredilen wagtyndan başlap, bu ýerde milli we daşary ýurt pullarynda goýumlary kabul etmek, gymmatly kagyzlar bazarynda amallary, uzak möhletleýin karz bermek hem-de pul geçirimleri we hasaplaşyklary geçirilýär. Häzir «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň gullugy hem-de onuň 23 sany şahamçasy tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýär. 600 müňden gowrak müşderä hyzmat edip, olara amatly goýumlaryňdyr hyzmatlaryň giň görnüşlerini, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegini karzlaşdyrmak bilen birlikde, karz serişdeleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär. Bu bank milli ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryndan ugur alyp, özüniň işinde nebitgaz toplumy, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk pudaklaryndaky taslamalary maliýeleşdirmek meselelerine uly üns berýär. Onuň karz beriş syýasatynyň esasy ugry ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamaga hem-de ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

«Esger».