Täzelikler

14 Aprel 2021
804

Welaýatymyzyň maldarlary ene goýunlardan guzy almak baradaky tabşyryklaryny üstünlikli berjaý etdiler. Gazanylan üstünlikde pellehana ilkinji üçlükde gelen Çärjew etrabynyň «Serdar», Köýtendag etrabynyň «Dagly», Halaç etrabynyň «Garagum» maldarçylyk hojalyklarynyň goşantlary uly boldy.

Hormatly Prezidentimiziň maldarçylygy döwrebap ösdürmek, dowarlaryň sanyny artdyrmak, olardan alynýan önümleriň mukdaryny we hilini ýokarlandyrmak barada öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge tutanýerli goşant goşýan çopanlar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şu möwsüminde ene mallardan 76635 owlak-guzynyň deregine 76865 owlak-guzy almagyň hötdesinden geldiler. Häzirki wagtda maldarçylyk hojalyklarynda dowarlar öri meýdanlarynda bakylyp, olaryň kadaly idedilmegi ugrunda yhlasly zähmet çekilýär.