Bagtyň we bagtyýarlygyň nyşany

14 Aprel 2021
840

Hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» diýen kitabynda ýazyşy ýaly, türkmen bedewi adamzat medeniýetiniň aýrylmaz bölegi, gadymdan bäri edebi ýazgylaryň esasy gahrymany bolmagynda galýar. Ýyndam bedewini dünýäni görmek, bilmek höwesinde özüne ýakyn dost edinen ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyrlar. Şeýle goşantlaryň biri-de bedewimizdir. Dünýä medeniýetiniň mirasynyň sanawynda bedewimiziň baş orny bar. Ahalteke atlary döräninden bäri dünýäni haýrana goýup gelýär. Bu bolsa biziň milli guwanjymyzdyr.

Türkmen bedewi — çäksiz söýgä we hormata mynasyp jandar. Bedew türkmen topragynda üstünlikli amala aşyrylýan özgerişlikleriň badyna bat goşýar. Türkmeniň aty, halysy, saz gurallary, dutary, şaý-sepleri, alabaý iti, saryja goýny, ak bugdaýy ýaly döreden maddy gymmatlyklarynyň il-ýurt mertebesine şindi hem mertebe goşýandygynda pederleriň ýalkawy bar. Halkymyz bedewini ýürekdeş hökmünde sylaýar. Sebäbi ol bedewi bilen doglup-döräli bäri hemsyrdaş bolup gelýär. Il-halkymyza hemişe ýaran bolan behişdi bedewlerimiz taryhda durnukly ösüşde hem-de öz ornuňy berkitmekde derwaýys bolan iň gowy häsiýetleriň hem-de merdanalygyň nusgasy bolupdyr. Hut şonuň üçinem biz bedewlerimizi ösüşiň hem-de bagtyň alamaty hasap edýäris.

Jumamyrat DÖWLETOW
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap geňeşiniň başlygy.