Guramaçylykly geçirildi

14 Aprel 2021
717

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň Geňeşiniň degişli kararyna laýyklykda, welaýatymyzyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli derejedäki guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary, konferensiýalary geçirildi. Bu boýunça etrap birleşmelerinde we pudaklaýyn geňeşlerde maslahatlar geçirilip, degişli kararlar kabul edildi hem-de olary guramaçylykly we ýokary hilli geçirmek üçin wekiller bellenildi.

Hasabat-saýlaw ýygnaklarynyň geçirilmeginiň öňüsyrasynda kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň we toparlarynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary bilen okuwlar geçirildi. Olarda hasabat döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda gazanylan üstünlikler bilen bir hatarda, kärdeşler arkalaşyklarynyň durmuşynda bolup geçen özgertmeler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek babatda maksatnamalaýyn wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar bermek meýilleşdirildi.

Şatlyk MUHAMMEDOW,
TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni.