Buýsanja beslener

14 Aprel 2021
653

2021-nji ýylyň 25-nji fewralynda Arkadag Prezidentimiziň Permany bilen, Türkmen alabaýynyň baýramyny her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemelidigi karar edildi. Milli Liderimiziň bu gelen karary türkmen halkymyzyň göwün ganatyny has-da belende galdyrdy.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda alabaý itlerimiziň hem- -de behişdi bedewlerimiziň baýramçylygynyň bu ýyl welaýatymyzyň atçylyk toplumynda geçiriljekdigi guwandyrýar. Taryhyň gatyna altyn harplar bilen ýazylan milli buýsançlarymyz bolan behişdi bedewlerimiz hem-de alabaý itlerimiz indi diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň göz-guwanjyna, ýürek buýsanjyna öwrüldi.