Gadymy gymmatlyklara baý şäher

14 Aprel 2021
765

Ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişinde taryhy gymmatlyklar ylmy taýdan öwrenilip, olary sanly ulgam arkaly halkymyza ýetirmek, şeýle-de, dünýä çykarmak üçin eziz Arkadagymyz uly mümkinçilikleri döredip berdi. Şeýle mümkinçiliklerden ruhlanyp, zähmet çekýän muzeýimiziň ruhubelent işgärleri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda uly dabara bilen belleniljek şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygyny zähmet sowgatlary bilen garşylamagy maksat edinýärler. Bu ajaýyp baýramçylyklar mynasybetli dürli çäreleri we taryhy gymmatlyklar bilen baglanyşykly sergileri guraýarlar.

Biziň Mary topragymyz taryhy gymmatlyklaryň mekany diýsek-de, hakykatdan daş düşmeris. Olardan Marguş, Uly we Kiçi Gyzgala, Abdyllahan gala hem-de welaýatymyzyň günbatarynda 38-40 kilometrlikde ýerleşýän Daňdanakan taryhy-medeni ýadygärligi türkmeniň müňýyllyk taryhyny has-da aýdyň şöhlelendirýär. Daňdanakana Daşrabat hem diýipdirler. Daşrabat sözi «daşdaky şäher» diýmegi aňladypdyr.