Tagzym edip eneleriň öňünde

14 Aprel 2021
801

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny okanyňda, oýlanmalar ummany has giňäp gidýär. Il-ýurduňy, halkyňy söýmegiň başlangyçlary ynsanyň kalbyna ene gujagynda hüwdi bilen guýulýar. Çaga ene mähri bilen dünýä aralaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän bu eserinde perzendiň ata-enä söýgüsiniň, hormatynyň, mertebesiniň ýyllarboýy artyşy we belent derejä göterilişi edil ýaş daragta arassa akardan suw berlişi bilen deňeşdirilýär.

Oýlan, säher Güneş gülüp bakanda,
Oýlan, bahar dünýä nagyş çekende!
Biz nämüçin ýaşap ýörüs jahanda?!
Eneler bar, eneler bar dünýäde.

Gülhumar BERNAÝEWA,
Çärjew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.