Türkmenistanyň Milli Geňeşi: demokratik ýörelgeler pugtalandyrylýar

14 Aprel 2021
1278

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly möhüm ähmiýetli durmuş-ykdysady, syýasy-jemgyýetçilik wakalara beslenýär. Il-gün hormatly Prezidentimiziň daşynda jebisleşip, milli Liderimiziň geçirýän özgertmelerine, halkara başlangyçlaryna buýsanýar. Munuň şeýledigine döwlet Baştutanymyzyň Ahal welaýatyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanmagy hem doly şaýatlyk edýär. Batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzyň ösüşleri, belent sepgitleri halkymyza rysgal-döwletli, eşretli durmuşda ýaşamaga mümkinçilik döredýär.

Mälim bolşy ýaly, jemgyýet gatnaşyklardan durýar. Gatnaşyklaryň görnüşleri hasaplanýan durmuş kadalary, ýagny hukuk, ahlak we beýleki jemgyýetçilik gymmatlyklary, olaryň tutuş jemi, özara arabaglanyşygy döwri, jemgyýeti häsiýetlendirýär. Häzirki zaman türkmen jemgyýetine we ondaky gatnaşyklara yzygiderli ösüşler mahsusdyr. Ol gatnaşyklaryň gözbaşynda halkyň asylly däp-dessurlaryna, ahlak ýörelgelerine ýugrulan hukuk gatnaşyklarynyň özenini düzýän Esasy Kanunymyz durýar. Konstitusiýanyň 1-nji maddasynda Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwletdigi, onuň ýurduň Garaşsyzlygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goraýandygy, hukuk tertibini üpjün edýändigi öz beýanyny tapýar. Bu konstitusion kadalar halkyň milli özboluşlylygyna we umumy ykrar edilen halkara ýörelgelere laýyk gelýän syýasy-hukuk gurluşy saýlap alandygyny aňladýar.

Ýagmyr NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory, hukuk ylymlarynyň doktory.