Anyk wezipeler kesgitlenildi

12 Aprel 2021
675

Hormatly Prezidentimiziň 9-njy aprelde şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we ýerine ýetirilmeli işleri kesgitlemek maksady bilen, welaýat merkezindäki Medeniýet öýünde maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň guramagynda geçirilen maslahata welaýat, etrap, şäher häkimleri, olaryň orunbasarlary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, jogapkär işgärleri hem-de beýleki dahylly adamlar gatnaşdylar.

Maslahaty welaýat häkimi Ý.Gurbanow açyp, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden gelip çykýan wezipelere ünsi çekdi, öňde duran wezipeleriň üstünde durup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň ýetip gelýän galla oragyna, pagta ýygymyna gowy taýýarlyk görmek, gök-bakja ekinleriniň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekilýän meýdanlaryny giňeltmek, maldarçylygy ösdürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak, owlak-guzy möwsümini ýokary guramaçylykly geçirmek, şeýle-de Prezident maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri geçirmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygyna, Bitaraplyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bagly aýdanlaryna ünsi çekmek bilen, welaýat häkimi agzalan ugurlarda öňde duran wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýollary barada gürrüň etdi.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz.