Oraza — aýlaryň serweri

11 Aprel 2021
689

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, asylly ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine eziz Diýarymyzda Oraza aýynyň uly söýgi, şatlyk bilen garşylanmagy hem şaýatlyk edýär.

Halkymyz Oraza aýyna sahawatyňdyr kanagatyň, halallygyňdyr haýyrly tutumlaryň aýy hökmünde garaýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sahawatly, päk wyždanly bolmak, halal we arassa ýaşamak asyrlaryň dowamynda kalby hem ruhy tämiz halkymyzyň milli häsiýetleriniň esasy aýratynlyklarydyr. Ahlak tämizligine, rehim-şepagatlylyga we ynsanperwerlige beslenýän Oraza aýynda halkymyzyň süňňüne guýlan bu ebedi milli häsiýetler has aýdyň ýüze çykýar we halklary ýakynlaşdyrýan, doganlaşdyrýan ajaýyp gymmatlyklara öwrülýär.

Nurmuhammet REJEBOW,
Kaka etrabynyň baş ymamy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.