Ynsanperwer ýörelgeler rowaçlanýar

11 Aprel 2021
860

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlarymyz, ynsanperwer ýörelgelerimiz rowaçlanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 29-njy martynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde milli Liderimiz goldawa mätäç çagalara hemaýat bermek bilen bagly meselä ünsi çekip, haýyr-sahawat gaznasynyň döredilýändigini aýtdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde çagalaryň bagtyýar ýaşamaklary, erkin hem bolelin durmuşda sagdyn ösmekleri, bilim-terbiýe almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Diýarymyzda ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky alada Gahryman Arkadagymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri, çagalar baglary we beýleki bilim-terbiýeçilik edaralary, saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlary gurlup ulanylmaga berildi.

Öwezdurdy HOJATOW,
Babadaýhan etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.