Täzelikler

9 Aprel 2021
738

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda welaýatymyzyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda döwrebap şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär. Döwrebap şäherçeleriň gurluşygy 5 ýylyň dowamynda degişli resminamalara laýyklykda tapgyrma-tapgyr alnyp barlar. 2024-nji ýylda şäherçelerde toýlar tutular.

Taslama laýyklykda Halaç etrabynyň çägindäki 1000 hojalyga niýetlenilen şäherçe üçin 200 gektar ýer bölünip berildi. Täze şäherçede bir gatly bäş otagly jaýlaryň 641-si, iki gatly 3-4 otagly jaýlaryň 359-sy, hersi 640 orunlyk orta mekdepleriň ikisi, hersi 320 orunlyk çagalar baglarynyň ikisi gurlar. Täze şäherçäniň gurluşygyna hususy gurluşyk kärhanalary örän işjeň gatnaşýarlar. Halaç etrabynyň baş binagäri Batyr Allakulyýew häzirki wagtda «Güneşli gadam», «Tiz akym», «Ýeňişli ýollar», «Dana gurluşyk», «Rahat zaman», «Rowaçly täjir» ýaly hususy kärhanalaryň gurluşykçylarynyň paýly we ýeňillikli karz tölegleri esasynda ýaşaýyş jaýlarynyň ikisiniň gurluşygyny tamamlandyklaryny aýdýar. Ýene-de jaýlaryň 10-synyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Täze şäherçe ilatyň ýaşaýyş-jaý şertlerini has gowulandyrar.
* * *
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap geňeşiniň, etrap polisiýa bölüminiň we etrap prokuraturasynyň bilelikde guramaklarynda «Watan buýsanjy — ýaşlar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.