Baky bagtymyzyň gözbaşy

7 Aprel 2021
900

Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşmaga mümkinçilik berdi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30  ýylynyň içinde agzybir halkymyzyň asuda, abadan, erkin hem-de bolelin durmuşda ýaşamagyna, döretmegine, milli ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy gorap saklamaga, dünýä ýaýmaga giň ýol açyldy. Jemgyýetimiziň syýasy, ykdysady we medeni durmuşy has-da ýokary göterildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda medeniýetde, sungatda, ylym-bilimde, sportda dünýä nusgalyk beýik işler amala aşyrylýar. Ak mermerden gurulýan ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş we beýleki medeni-durmuş desgalary kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar.

Agzybir halkymyz toýlary-toýa, baýramlary-baýrama ulaşýan Diýarymyzda Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk şanly senesini abadançylygyň we gülläp ösüşiň nyşany hökmünde uly dabaralar, şatlyk-şowhun bilen belläp geçer.  Çünki, Garaşsyzlyk bize asudalygy, abadan durmuşy peşgeş berdi. Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge giň mümkinçilikleri döretdi.

Güljahan SÖÝÜNOWA,
Serdar etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.