Döwre ýaň salýan taryhy wakalar

7 Aprel 2021
807

Biziň ýaşaýan zamanamyz — Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň taryhyndaky iň ösüşli, iň ajaýyp zamana diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli hem-de parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bagtyýarlyk döwrüniň sanlyja ýylynyň içinde ähli ugurlarda taryhy özgertmeler amala aşyrylyp, olar halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, zähmetsöýerliginiň aýdyň nyşany bolup dabaralanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem şeýle özgertmeleriň, şanly wakalaryň biri-birine ulaşmagy her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar.

Şu ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda eden taryhy çykyşynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary hakynda nygtap geçmek bilen: «Halkara hukuga laýyklykda bu saýlawlar demokratik saýlaw hukuklarynyň düzümine girýär. Şoňa görä-de, öňde duran saýlawlar syýasy ulgamy kämilleşdirmek, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak wezipelerinden ugur alnyp, ýokary derejede, aç-açanlyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilmelidir» diýip belledi.

Dawutdurdy TAGANDURDYÝEW,
Esenguly etrap hassahanasynyň baş lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.