Ýüreklerde Garaşsyzlyk joşguny

7 Aprel 2021
847

Garaşsyzlyk halkymyzyň ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda kalbynda göteren mizemez arzuwydyr. Türkmen halkyna özbaşdak döwletli bolmak bagty 1991-nji ýylyň tylla güýzünde miýesser etdi. Bu şanly sene ata Watanymyz we halkymyz üçin taryhy ähmiýete eýedir. Türkmenistan döwletimiz indi 30 ýyl bäri özbaşdak — berkarar ýurt. Garaşsyz ýurdumyzda bolsa ata-babalarymyzyň bize miras galdyran egsilmez hazynasy — milli gymmatlyklarymyz we medeniýetimiz asyl nusgasynda dikeldilýär.

Döwlet Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden başlap, halk hojalygynyň ähli pudaklarynda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirildi. Netijede, ýurdumyzda ilkinji senagat kärhanalary guruldy we oňyn ykdysady ösüşler gazanyldy. Daşary syýasatda özbaşdaklyk ýoluna düşen Garaşsyz Türkmenistan dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy hem-de olaryň birnäçesiniň agzasy boldy. Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesinde gazanan ajaýyp üstünligidir, halkymyzyň parahatçylyga esaslanýan taryhy ýolunyň giň dünýä jemgyýetçiliginde ykrar edilmegidir.

Aýna ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.