Asudalygyň goragynda

7 Aprel 2021
875

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem, Türkmenistanda howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hasabyna olaryň işini kämilleşdirmek hem-de maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylmagyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, ata Watanymyzyň bitaraplyga, dostluga hem-de hoşniýetlilige esaslanýan syýasatyny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanylan goranyş häsiýetli Harby doktrinasynda kesgitlenen wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz Ýaragy Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, serkerdeleri taýýarlamak ulgamyny ösdürmegiň, şahsy düzümiň arasynda watançylyk-terbiýeçilik işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

«Aşgabat».