Ynsanperwerligiň belent nusgasy

7 Aprel 2021
892

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, gazanylýan zähmet üstünlikleri milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesini has-da dabaralandyrýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 29-njy martynda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bilen bagly meselelere garap, haýyr-sahawat gaznasyny döretmek barada pikire gelendigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ata-babalarymyz döwletliligi, rysgal-bereketliligi, ýagşy niýetliligi, pespälligi, ynsanperwerligi ömrüniň manysy hasap edipdirler. Bu ýörelgeleri mynasyp dowam etdirmegiň ýaşlarymyzy asyllylyk, medeniýetlilik, edep-ekramlylyk, birek-birege goldaw bermek ýaly ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr.

Parasatly Prezidentimiziň şular barada aýtmak bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek boýunça resminama gol çekmegi ähli halkymyzy guwandyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly başlangyjy esasynda döredilen bu gaznany «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» diýip atlandyrmak hakynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Kararyň kabul edilmegi ildeşlerimiziň hormatly Prezidentimize bolan belent sarpasynyň aýdyň beýanydyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalaryň bagtly durmuşyny üpjün etmek, olaryň durmuş taýdan goraglylygyny, ruhy taýdan sagdyn ösüşini, watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmekleri babatda durmuşa geçiren beýik işlerini, taýsyz tagallalaryny belent derejä galdyrýar.

Guwanç ARTYKOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.