Toý lybasly Watanym

6 Aprel 2021
879

Berkarar Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýar. Şu ýylyň altyn güýzünde uludan toýlanjak bu ajaýyp senäni — naýbaşy toýy bagtyýar ildeşlerimiziň her biri mynasyp zähmet sowgady, ýokary iş görkezijileri bilen garşylamagy maksat edinýär. Şeýle bolansoň, bu gün eziz Diýarymyzda zähmet gaýnap joşýar, halk hojalygynyň ähli ugurlarynda uly sepgitlere ýetilýär.

Ösüş-özgertmelere beslenen berkarar Watanymyzda bolup geçýän taryhy wakalar buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň toý ruhunda açylyp, işe girizilmegi hem guwanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Arzygül DURDYMYRADOWA,
«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ilkinji ýaşlar guramasynyň işgäri.