Garaşsyzlyk — baky bagtyň güwäsi

5 Aprel 2021
964

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabaralara beslenjek ýyly hökmünde taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylar. Çünki ýurdumyzyň Garaşsyzlyga eýe bolan güni halkymyzyň alnyndan ak Günüň dogan, depesine bagt guşunyň gonan senesidir.

Türkmen halky ýurt Garaşsyzlygyny gazanan gününden bäri pederlerimiziň arkama--arka gelýän milli däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini deňli-derejeli dowam etdirmäge, toý-baýramlaryny toýlamaga, tebigy baýlyklaryndan netijeli peýdalanmaga, dünýä jemgyýetçiliginde bolup geçýän möhüm meseleleriň çözülmegine öz sesini goşmaga hem-de öz ykdysady ösüşleri bilen dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmaga ähli mümkinçiliklere eýe boldy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, adamlaryň dünýägaraýşy düýpli özgerdi. Olarda watançylyk duýgusy, öz Watanyna bolan buýsanç, eziz Diýara bolan söýgi artdy.

Orazsoltan BAÝJANOWA,
welaýat kazyýetiniň şikaýatlar we arzalar bölüminiň uly maslahatçysy.