Arkadagyň ak ýolunyň ýaraşygy sagdynlyk

5 Aprel 2021
772

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz öz şöhratly taryhyndaky şanly seneleriň birine barha golaýlaşýar. Hemmämize mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Dünýäde deňli-derejeli döwlet hökmünde üç onlugy arka atan eziz Watanymyzyň şol döwrüň içinde ýeten belent sepgitlerine, gazanan ösüşlerine ser salanyňda, elbetde, Garaşsyz Türkmenistanyň raýaty hökmünde kalbyň guwançdan, buýsançdan dolup, başyň gök direýär. Dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwletiň raýaty bolmagyň özüniň neneňsi uly bagtdygy hakynda pikir edip görüň! Ýer ýüzünde ýurdumyza nähili hormat--sarpa goýulýandygyna-da biziň her birimiz şaýat bolup ýörüs. Obalarymyz, şäherçelerimiz, şäherlerimiz owadanlykda, arassalykda, bagy-bossanlyga beslenmekde nusgalyk derejä ýetdi diýsek, biziň bilen ylalaşmajak tapylmaz. Onsoň «Döwrümiz bar döwürlerden zyýada» diýen jümläniň Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne degişlidigini buýsanç bilen aýtmaga doly hakymyz bardyr.

Elbetde, her bir döwlete raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesine görä baha berilýändigi öz-özünden düşnükli. Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi bolsa, ilkinji nobatda, olaryň saglygynyň goralyşy we berkidilişi, şol ýurtda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ýaýbaňlandyrylyşy bilen kesgitlenilýär. «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda adam jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygydyr. Şoňa görä-de, Bitarap döwletimiziň her bir raýatynyň, jemgyýetimiziň hem-de tutuş halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmagy, sporty ösdürmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi baş maksadymyz hökmünde öňe sürýäris» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden bu ugurda badalga beren düýpli özgertmeleriniň, taryhy jähetden alanyňda, juda gysga döwrüň içinde amala aşyran beýik işleriniň netijesinde eziz Diýarymyzyň bu günki gün dünýäde sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň ýurdy diýlip ykrar edilmeginiň özem waspy müňläp dessana degýän ajaýyp hakykatdyr.

Aşyrberdi GURBANOW,
«Balkan».