Hemmämiz üçin möhüm mesele

5 Aprel 2021
976

Ýurdumyzda ilatyň howpsuzlygyny goramak döwlet derejesindäki möhüm mesele hökmünde ileri tutulýar. Halkymyzyň asuda ýaşaýşyny üpjün etmekde ýurdumyzyň içeri işler edarasynyň beýleki gulluklary bilen bir hatarda, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň öňünde-de uly wezipeler, şonuň bilen birlikde, biziň hemmämiziň deň derejede üns bermeli meselämiz — çagalaryň ot bilen oýnamaklary zerarly döreýän ýangyn hadysalarynyň öňüni almak meselesi durýar.

Hawa, ýangynyň döremeginiň köp sanly sebäpleriniň biri çagalaryň ot bilen oýnamaklarydyr. Ot bilen oýnamagyň howpludygyna, onuň nähili betbagtçylyga getirýändigine çagalar heniz doly düşünmeýärler. Şonuň üçin çagalarda ot bilen seresaply bolmak başarnyklaryny terbiýelemelidir. Bu işe ata-eneler, uly ýaşly adamlar gatnaşmalydyrlar. Bu iş möhüm durmuş zerurlygydyr. Çünki bu ýerde gürrüň çagalaryň saglygy we ömrüniň howpsuzlygy barada barýar.

Şöhrat SOLTYÝEW,
welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 2-nji ýangyn howpsuzlyk otrýadynyň 369-njy harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň döwlet ýangyn gözegçilik bölümçesiniň gözegçisi, içerki gullugyň leýtenanty.