Eşretli zamanaň altyn şuglasy

5 Aprel 2021
933

Döwletli döwrüň şäherçesi

Döwletli etraby. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen, 10 ýyldan soňra bolsa çäkleri has hem giňeldilen bu etrabyň ozal käbir obalarydyr şäherçelerine ýolum düşen hem bolsa, Döwletli şäherçesiniň hut özüne ilkinji gezek gelip görýändigimi gizlemäýin. «Adam eli ― gyzyl gül» diýleni çyn-ow! Bu ýerleriň ozal ýaýylyp ýatan düzlükdigi mese-mälim. Muny Amyderýanyň sag kenarynda geçilen ýollaryň ep-esli kilometri hem tassyklaýar. Ýöne gözýetime çenli giňäp gidýän düzlüklerden soň, kaşaň derwezeli bir şäher başlaýar welin, asyl, oňa «şäherçe-de» diýesiň gelenok. Hormatly Prezidentimiziň bu ýerlere aýagy düşüpdir. Ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly binalar, aýna ýaly köçeler... Bu ýerde ynsan üçin döredilen eşretleriň sany-sajagy ýok. Ähli döwrebap mümkinçilikleri bolan şäherçe milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda gurlan we gurulýan şeýle şäherçeleriň diňe bir mysaly. Lebapda Döwletli bilen döwürdeş gurlan şäherçeleriň hatarynda Garlyk şäherçesi we Berkarar zaman obasy hem bar. Ýene-de dört sany şeýle şäherçe peýda bolup gelýär.