Ýaşlar işjeň gatnaşdylar

5 Aprel 2021
800

Şäherlerimiziň, obalarymyzyň gözelligini artdyrmak maksady bilen, welaýatymyzda yglan edilen arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleriniň iki aýlygynyň çäklerinde geçirilýän çärelere jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri-de uly ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň Daşoguz şäheriniň günbatar künjegindäki medeni-dynç alyş seýilgähiniň çäklerinde geçiren arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleri hem ruhubelentlige beslendi. Geňeşiň jogapkär işgärleri, hünärmenleri, ilkinji guramalarynyň, meýletinçiler toparynyň agzalary işjeňlik görkezdiler. Şeýle işleriň barşynda bu ýerde ösüp oturan agaçlaryň töwerekleri arassalanyldy, düýpleri ýumşadylyp, sütünleri agardyldy. Şonuň ýaly-da, ýaş nahallara ideg işleri ýerine
ýetirildi.

— Biziň welaýat, etrap ýaşlar guramalarymyzyň agzalary her hepdäniň şenbe günleri geçirilýän arassaçylyk, abadanlaşdyryş çärelerine yzygiderli gatnaşyp gelýärler. Bu gün hem olaryň bir topary şu ýerde göreldeli zähmet çekdiler. Munuň özi ýaşlaryň hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda amala aşyrýan işlerine goşantlarydyr. Nesip bolsa, biz bu babatdaky işjeňligimizi has-da artdyryp, sogaply işleri agzybirlik bilen dowam etdireris — diýip, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary Serdar Şyhyýew aýtdy.

Ýörite habarçymyz.