Giň dünýäniň geň habarlary

5 Aprel 2021
690

«ŞATLYK MESGENI»
Döwrebap binalaryň palçykdan salnanyny göz öňüne getirip hem bilýän dälsiňiz. Pagsa jaýlar hakynda gürrüň edilende, ýönekeý binalar göz öňüňde janlanýar. Emma meşhur nemes arhitektory Anna Heringeriň zehininden kemala gelen bu bina gurluşyk üçin çig malyň binanyň kaşaňlygyna, owadanlygyna täsir etmeýändigini subut etdi. Ol ýönekeý zatlardan hem sungat eserini döredip bolýandygyny öňe sürýär.

Bangladeşdäki «Anandaloý» jemgyýetçilik binasy täsin binagärlik aýratynlygy bilen köpleri haýran galdyrýar. Binanyň gurluşygynda diňe toýundan we bambukdan peýdalanylypdyr. Iki gatdan ybarat bolan bu bina 253 m2 meýdany eýeleýär. Binanyň birinji gatynda mümkinçiligi çäkli adamlar üçin bejeriş-saglygy dikeldiş merkezi ýerleşýär. Binanyň ady bengal dilinde «Çuň şatlygyň mesgeni» diýmegi aňladýar. Binanyň binagärlik taslamasy «Obel Award 2020» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi bolup, binagär pul baýragyna mynasyp bolýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.