Garaşsyzlyk — röwşen geljegiň ýoly

5 Aprel 2021
1744

Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejeleriniň sazlaşykly ösdürilmegi döwletimiziň halkara jemgyýetçiligindäki ornuny pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň halkymyzyň gadymy ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýandygy çuň manyly beýan edilýär. Kitapda bu asylly ýörelgeleriň halkymyzyň we döwletimiziň röwşen geljegine ýol salýan gymmatlyklardygy nygtalýar.

Garaşsyzlyk baýramy türkmen halkymyz üçin mukaddeslik derejesine eýe bolan milli baýramlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň beýik taryhy mirasynyň, medeniýetiniň, däpleriniň, dünýägaraýşynyň hem-de durmuş ýörelgeleriniň, millilige, ynsanperwerlige we ýagşylyga ýugrulan milli baýramlarymyzyň gözbaşynyň tereňligidir, müdimiligidir» diýip belleýär. Bu baýram halkymyzyň üstünlikleriniň ylham çeşmesidir. Garaşsyzlyk halkymyzyň geçmişini, şu gününi we geljegini berk baglaýan düşünjedir. Ol ata-babalarymyzyň ençeme asyrlap özbaşdak döwlet gurmak hakynda eden arzuw-islegleriniň durmuşa geçirilmesidir.

Amangül ALLABERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.