Şan-şöhraty dünýä dolan Aşgabat

5 Aprel 2021
704

Häzirki wagtda milli Liderimiziň tagallalary bilen gözel paýtagtymyz ösüşiniň täze döwrüni başdan geçirýär. Ak mermerli paýtagtymyz örän gysga döwrüň içinde üçünji müňýyllygyň ajaýyp şäherine öwrüldi. Aşgabadyň özboluşly binalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna birnäçe gezek girizilmegi ýurdumyzyň baş şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlyk mysaly bolup durýar.

Ak mermerli Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan hem amatly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini gün-günden berkidip, dürli pudaklarda halkara gatnaşyklarynyň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edildi. 2007-nji ýylda gözel paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi döredilip, onuň ştab-kwartirasy edilip, Aşgabat bellenildi.