Ajap eýýamyň şanly ýyly

5 Aprel 2021
826

Hormatly Prezidentimiziň başyny başlan täze taryhy eýýamynyň ýyllarynda ata Watanymyz ösüş-özgerişli döwri başdan geçirýär. Ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmakdaky gadamlary ýylsaýyn batlanýar. Milli Liderimiziň Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde il-günümiz parahatçylykly, abadan durmuşyň hözirini görýär. Türkmen döwletimiziň halkara abraýy arşa çykýar.

Şu ösüşli depgin döwlet Baştutanymyzyň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda-da rowaç alýar. Bu ýylyň sözüň doly manysynda şanly ýyl boljakdygy guwandyrýar. Sebäbi, indi uly toýuna ykjam taýýarlyk görülýän ak mermerli şäher hökmünde at-owazasy dünýä dolan Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy barha golaý gelýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ýene bir taryhy wakasy bolsa, Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramydyr. Bu taryhy sene şöhratly geçmişli, ertiri abadan ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Döwletli döwranymyzyň gözbaşynda mukaddes Garaşsyzlygymyz durup, ýagşy ertirimize şöhlesini saçýar.