Ileri tutulýan ugur

5 Aprel 2021
690

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde “Saglygym — baş baýlygym” diýen jümlelere eýerilip, halkymyzyň saglygy ugrunda giňden aladalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş we sport ulgamynda uly ösüşler, özgerişler alnyp barylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, ilatyň saglygyny goramakda, berkitmekde düýpli çäreler durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň ýaly-da sagdyn durmuş ýörelgesi jemgyýetde giňden ornaşdyrylýar.

Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramakda, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge hem-de sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki, bedenterbiýe, sport saglygyň sakasy hasaplanýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygy, abadançylygy, beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy barada düýpli çäreler durmuşa ornaşdyrylýar.