Jümle-jahan habarlary

5 Aprel 2021
854

Köp ýolagçyly ýerasty demir ýol

Ýerasty demir ýollar (metrolar) köp ilatly şäherleriň ýaşaýjylary üçin örän möhüm, ygtybarly we elýeterli köpçülikleýin ulag serişdesidir. Şol bir wagtyň özünde olar ýolagçylaryň wagtyny tygşytlamaklary üçin örän amatlydyr. Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäheriniň ýerasty demirýol ulgamy hem ýolagçylary iň köp gatnadýan ýerasty ulaglaryň biridir. Ýurduň «Tokyo Subway» ulgamynyň hyzmatyndan her günüň dowamynda 8,7 million ýolagçy peýdalanýar. Emma bu görkezijä şäherdäki onlarça hususy we köpçülikleýin demir ýollardaky gatnawlar girmeýär. Olary hem göz öňünde tutanymyzda, her günüň dowamynda bu ägirt uly şäherde ýerasty elektrik otlulary arkaly ýolagçylaryň 30 milliondan hem köprägi gatnadylýar.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).