Belent maksatly aýdyň ýollar

4 Aprel 2021
751

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy gülledip ösdürmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän beýik işler uly ruhubelentlige hem-de zähmet joşgunyna beslenýär. Şu ýyl eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň toýy toýlanar.

Öňde duran bu uly baýramlary mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ildeşlerimizde uly buýsanç duýgusyny döredýär. Ykdysady taýdan gülläp ösýän ýurdumyzda bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerde uly maksatnamalar durmuşa geçirilip, ýurdy senagatlaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin taýsyz tagallalar edilýär. Ykdysady-durmuş maksatly binalaryň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi ähli raýatlarda uly buýsanç döredýär.

«Mugallymlar gazeti».