Ak şäherimiziň gözelligi

4 Aprel 2021
828

Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen paýtagtymyz tapgyrlaýyn esasda ösdürilýär. Bu ugurda gurluşyk işlerine aýratyn üns berilmek bilen, onuň çägi esli giňelip, onda medeni-durmuş maksatly desgalar toplumy bina edilýär. Şonuň ýaly-da, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna häzirki döwrüň halkara ölçeglerine kybap gelýän amatlyklar hem-de durmuş eşretleri döredilýär. Tutuşlygyna ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbi, beýik binalary öz içine alýan ýaşaýyş toplumlary, giň şaýollary hem-de meýdançalary türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, ata-babalarymyzyň şöhratly ýörelgelerine ygrarlydygyny hem-de nurana geljegine okgunly hereketini alamatlandyrýar. Şeýlelik bilen, şäheri ösdürmegiň oýlanyşykly maksatnamasy tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly seneler, taryhy wakalar mynasybetli täze binalaryň açylyş dabarasyny guramak indi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa, milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen, gurluşyk ulgamynyň hem sazlaşykly ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Munuň şeýledigine mysal hökmünde paýtagtymyzda belent ýaşaýyş jaýlaryny özünde jemleýän gözel şaýollaryň peýda bolmagyny, ol ýerde zerur ýol-ulag düzüminiň döredilmegini görkezmek bolar.

Gözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.