Ideg işi gerim alýar

2 Aprel 2021
846

Şu günler welaýatymyzyň ekin meýdanlarynda ak ekine ideg etmek işleri gyzgalaňly ýagdaýa eýe bolýar. Ak ekin ussatlary toprakdan bol hasyl almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler.

Türkmengala etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem 1300 gektar ýerde ak ekiniň idegini ýetirýärler. Hojalygyň kärendeçileri meýdany bezäp oturan, iki ýana ygşyldaýan bugdaý maýsalaryny iýmitlendirmek, suw tutmak işlerini utgaşykly alyp barýarlar.