Şöhrata beslenjek ýyl

2 Aprel 2021
1009

Türkmenistan — — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halky ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanýar. Hormatly Prezidentimiziň taryhda köp sanly şöhratly wakalaryň şaýady bolan türkmen topragy täze eýýamda has-da belent ösüşlere, özgerişlere, şan-şöhrata beslenýär, halkymyzyň ýaşaýyş- -durmuş şertleri yzygiderli gowulanýar. Häzirki döwürde ýurdumyz ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýär, şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbi düýpgöter özgerýär diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny ösdürmekde düýpli özgertmeler geçirilýär. Bu özgertmeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny we ajaýyp durmuşyny üpjün etmek maksady bilen köpsanly binalar gurlup, ulanmaga berilýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen esasy ýörelgäni iş ýüzünde amala aşyrýan Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, müň mertebe alkyş aýdýarys.