Türki geňeş: gadyrly gatnaşyklar — umumy abadançylyga binýat

2 Aprel 2021
881

31-nji martda hormatly Prezidentimiziň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, çykyş etmegi ýurdumyzyň baky Bitarap döwlet hökmünde sebit we halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgüdini tapmak boýunça bilelikdäki tagallalara ygrarlydygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi. Umumy abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam bermek nobatdaky forumyň esasy maksady bolup, ol Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny hem öz içine alýar. Milli Liderimiz çykyşynda sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri babatda ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan edip, türki dilli döwletleri olary bilelikde iş ýüzünde amala aşyrmaga çagyrdy.

Ýokary derejeli forumlarda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän teklipdir başlangyçlary hemişe diýen ýaly, häzirki zamanyň wajyp ugurlaryny — energetika, ulag we ekologiýa meselelerini öz içine alýar. Çünki olar türkmen diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bolup, milli derejede-de, sebit we halkara gün tertibinde-de bir maksady — Ýer ýüzünde abadan ýaşaýşy berkarar etmegi nazarlaýar. Türkmenistan bolsa ählumumy derejede durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny amala aşyrmaga, ozaly bilen, ýakyn goňşulary bolan sebit döwletlerini çagyrýar.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».