Täze gazna — durmuş rowaçlygyna goşant

2 Aprel 2021
731

Ýagan ýagmyr tebigaty gülletse, sahawat ynsan kalbyny gülledýär. Halkymyzda edilen sahawatly her bir işiň müň bir sogabynyň bardygyna bolan ynanç bar. Sahawat göwünlerde gül ekýän bolsa, heý, onuň sogaby egsik bolarmy? Ynha, baharyň 29-njy gününde biz — türkmenistanlylar ýene bir uly sahawatyň şaýady bolduk. Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen ýurdumyzda döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy millionlarça ýürege ikinji bahary bagyşlady.

Döwletimiziň, hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil üçin edýän aladalary örän giň gerimli, köpugurly. Olary tutuşlygyna şeýle beýan edip bileris: ýaş nesliň islendik wekili özüniň şu gününi we geljegini nähili göz öňüne getirýän bolsa, şol maksada ýetmek üçin onda ähli mümkinçilikler bar.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».