Gözlerimiň nury — gözel Aşgabat

1 Aprel 2021
825

Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň gujagy nowjuwan ýaşlyga meňzeýär. Ýaşlygyň görki, ýakymy, ýalkymy bolsa, bu gün Aşgabada siňipdir. Gün saýyn artyp barýan gözellikleriň sazlaşygy bolan bu owadan şäheriň gijelerinden ganma ýok, gündizlerinden doýma ýok. Ertekiler dünýäsini ýadyňa salýan, her bir künjegi adamlaryň yhlasy, söýgüsi, irginsiz zähmeti bilen kemala getirilen paýtagtymyza bu gün bütin dünýäniň nazary gönükdi. Şahyrlaryň dillerinde dessana öwrülen gözel paýtagtymyz sagat saýyn özgerýän, gülläp-ösýän, bagt şäherine öwrüldi. Ak mermerli Aşgabady synlasaň onuň dür monjugy ýaly ak binalaryndan, bagy-bossanlygyndan, tämizliginden, owadanlygyndan ýaňa gözleriň gamaşýar. Her bir binanyň üstünde pasyrdap duran ýaşyl baýdagymyzy göreniňde bolsa, joşup duran ýüregiň gürsüldüsi artýar. Türkmen bolup doglanyňa, şu topraga örküň baglananyňa bolan buýsançly başyňy al asmana ýetirýär. Şol pursat:

Buýsanjymsyň, gülden gözel Aşgabat,
Sende il-günümiň yhlasy bardyr.
Saňa aşyk bu gün bütin adamzat,
Keşbiň Arşdan inen ylahy nurdur.

Atajan ŞIRIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.