Hakyky demokratik ýörelgeler esasynda

1 Aprel 2021
934

Bu gün ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda milli kanunçylygy kämilleşdirmäge hem-de öňdebaryjy halkara tejribesini öwrenmäge we ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Saýlawlary guramaçylykly geçirmekde döwrebap täzeçil tehnologiýalar we sanly ulgam netijeli ulanyldy. Munuň özi saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginde aýratyn ähmiýetli boldy. Saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk, demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegi, oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, tutuş ilatymyzyň, aýratyn-da saýlawçylaryň işjeň gatnaşmagy ýurdumyzda asyrlar aşyp gelýän milli demokratik esaslaryň berkarar bolýandygynyň misilsiz tassyknamasydyr.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň döredilmegi döwletimiziň geljegi üçin ykbal çözüji waka öwrüler. Bu edara türkmen halkynyň bagtly durmuşynyň, ata Watanymyzyň nurana geljeginiň bähbidine Hökümetiň işläp taýýarlaýan we ýurdumyzyň halky bilen amala aşyrýan uly möçberli maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün eder.