Watan waspynyň görelde mekdebi

31 Mart 2021
871

Döwlet Baştutanymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby özüniň umman ýaly giň we çuňňur manysy, ony okan her bir okyjyny agzybirlige, watansöýüjilige çagyrýandygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Bu kitapda hormatly Prezidentimiziň giň gözýetiminden gözbaş alan dana pikirlerde şöhratly ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň many-mazmuny, olaryň her bir adam üçin döwrebap durmuş ýörelgelerini kemala getirmekdäki ähmiýeti aýdyňlyk bilen beýan edilýär. Şu nukdaýnazardan, halkymyzyň asyrlaryň dowamyndan şu günlere çenli gelip ýeten milli mirasymyza sarpa goýmakda, agzybirligini pugtalandyrmakda, ata Watana, zähmete, ene topraga bolan söýgini berkitmekde, ýagty geljege bolan beýik ynamy artdyrmakda, milli Liderimiziň ýiti zehininden dörän eseriniň ýolgörkeziji bolup hyzmat edýändigini buýsanç bilen bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda eziz Watana bolan egsilmez söýgini öňe sürüp, onuň eziz hem mukaddesdigini jaýdar beýan edýär. Mähriban Arkadagymyzyň her bir eseri egsilmejek ylham çeşmesi bolup, olarda ata Watan, onuň gadyr-gymmatyna düşünmek, ýurduň ösüşlerine guwanmak ýaly gymmatly pikirler öňe sürülýär. Bu bolsa milli Liderimiziň döwet galamyndan dörän her bir eseriň okyjylar köpçüligi üçin şu günki günde Watan waspynyň görelde mekdebine öwrülýändiginiň tassyknamasydyr.

Humaý ATAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.