Gözel görki nusgalyk şäher

31 Mart 2021
933

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly dabara bilen belleniljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda merjen paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, wagyz-nesihat we maslahat duşuşyklary hem giňden ýaýbaňlanýar. Şol maksat bilen, ýakynda podpolkownik Rahmanberdi Salarowyň serkerdelik edýän harby bölüminiň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Aşgabadyň gözel keşbi — okgunly ösüşleriň nyşany» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çärede il sylagly ýaşuly Begmyrat Saryjaýew, mähriban ene Ogulnäzik Akmyradowa, TDP-niň etrap komitetiniň bölüm müdiri Wepa Berdiýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Miwesoltan Jumaýewa, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ilkinji ýaşlar guramasynyň hünärmeni Maksat Baýramow, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçysy, leýtenant Akmuhammet Aşyrjumaýew we çagyryş boýunça harby gullukçy, seržant Didar Nurgeldiýew dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda pederlerimiziň arzuwlan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat şäherimiziň gözelligi giňden wasp edildi. Wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň aýdymçylary gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherimizi we ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdymdyr sazlary bilen göwünleri joşa getirdiler.

Gülnara GURBANOWA,
TMÝG-niň etrap geňeşiniň hünärmeni.