Iki hekaýat

31 Mart 2021
999

Adyllyk

Bir adam Dawut pygamberiň zamanynda elmydama «Ýa, Alla, maňa zähmet çekmezden rysgal ber» diýip dileg eder eken. Oňa bolsa adamlar: «Seniň diýýäniň näme, sen näme däldirediňmi? Hatda Dawut pygamber hem rysgalyny işläp gazanýar» diýseler hem ol bu dilegini goýmandyr. Şol dileg edip ýörşüne bir gün onuň gapysyna bir öküz gelip duruberýär. Ol bolsa: “Meniň dilegim kabul boldy” diýip, öküzi soýýar, edil şol wagt hem öküziň eýesi onuň üstüne gelýär hem-de ondan öküzüň bahasyny talap edýär. Ol kişi: “Dilegimi kabul edip, bu öküzi Alla berdi” diýýär. Şeýdip, öküz eýesi bilen dawagär bolup, adamlary hem şaýat tutunyp, Dawut pygamberiň ýanyna barýarlar.