Baky bagtyň şäheri

25 Mart 2021
1225

Gözellik — göwünlere ganat bermek ukybyna eýe bolan gudratly güýç. Bu düşünje döwür, haýsydyr bir ýurduň halkynyň durmuşy bilen baglanyşykly getirilende, onuň ähmiýeti has-da artýar. Şeýlelikde, ol gözelligi şahyr şygyrlarynda wasp etse, bagtyýar pursatlar suratkeşleriň eserlerinde öz beýanyny tapýar. Kompozitorlar gözelligiň goýnunda gülleýän Watanyň şanyna ajaýyp saz eserlerini döredýärler. Çünki islendik eser öz gözbaşyny haýsydyr bir kalba joşgun beriji güýçden alyp gaýdýar. Bize bolsa ilkinji ylham berýän zat — ajaýyp zamanamyz. Bagtyýarlyk döwrümiziň görkanalygyny öz eserlerine siňdirmek bu günki gün ýurdumyzyň her bir döredijilik işgäriniň baş maksadyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň mermer lybasa beslenen paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny baýram etmek hakynda aýdanlary-da ildeşlerimizde, şol sanda döredijilik işgärlerinde uly joşgun duýgularyny döretdi.

Gözel paýtagtymyzda ajaýyp zamanamyzda günüň-güňüne bolup geçýän şatlykly wakalar, özgerişler bolsa bagtyýarlyk barada islendik uly eseri döretmäge ylhamlanmak üçin ýeterlik. Sebäbi ol wakalar, özgerişlikler halkyň geljeginiň abadanlygynyň buýsançly ykrarnamasy. Ine, şular barada pikir edeniňde, biygtyýar Türkmenistanyň gahrymany şahyrymyz Gözel Şagulyýewanyň:

Hurma DURDYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 50-nji orta mekdebiň mugallymy.